"Mynasyp ýol" hususy kärhanasy bolup biz bilim ulgamynda 2015-nji ýyldan bäri halkymyza hyzmat etmegiň buýsanjy bilen ýaşaýarys. Ertirimiziň daýanjy bolan ýaş nesile bilim bermek ýaly jogapkärçilikli işde geçilýän sapaklaryň hilini has-da ýokarlandyrmak ugrunda ähli işleri alyp barýarys.
Mynasyp ýol hususy kärhanasy häzirki wagtda 6 ýaşdan 12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin
IŇLIS DILI, RUS DILI, MATEMATIKA we MENTAL ARIFMETIKA ugurlar boýunça sapaklar, 12 ýaşdan uly islendik ýaşdaky diňleýjiler üçin bolsa TÜRKMEN DILI, IŇLIS DILI, RUS DILI, FIZIKA, MATEMATIKA HIMIÝA, BIOLOGIÝA we KOMPÝUTER SOWATLYLYGY ugurlar boýunça sapaklar geçilýär.
Okuw merkezimizde häzirki wagtda hepde-de 3 gün (täk gün ýa-da jüp gün) sapaklar geçilýär. 12 ýaşdan kiçi diňleýjilerimiz
irden 09:00-10:40,
öýlän 14:00-15:45/
15:55-17:35
sagatlar aralygynda bolup ulu ýaşly diňleýjilerimiz
irden 09:00-11:35
öýlän 15:00-17:35
sagatlar aralygynda sapaklar geçilýär
Okuw merkezimiz himiýa, biologiýa, türkmen dili, matematika we mental arifmetika ýaluy täze ugurlarda bilim bermäge başlady. Häzirki wagtda mekdebe indi gadam basjak körpeje çagalar üçin Iňlis we rus dillerini özleşdirmegi üçin okuw meýilnamalary taýarlanylýar. Munadan başgada ŞAHMAT we ÇEPERÇILIK SUNGATY bilen gyzyklanýan okuwçylarymyz üçin hem gurnaklar açamgy öz öňünde maksat edinýär.
Okuw merkezimizde başlajak kurslarymyz 01.12.2025 senesinde başlanýar we okuwyň dowamlylygy 12 hepde bolýar. 22.02.2026 senesinde okuwlarymyz tamamlanýar. Okuw wagtlary IRDEN (ulular üçin 09.00-11.35, kiçiler üçin 09.00-10.40) we ÖÝLÄN (ulular üçin 15.00-17.35, kiçiler üçin 14.00-15.45/15:55-17:35) waglarynda bolar.
Okuw merkezimize ýazylmak isleýän diňleýjiniň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň (16 ýaşyndan kiçi bolanlar Doguluş hakyndaky şahadatnamasyny 16 ýaşdan ýokary bolanlar Pasportyny) asyl nusgasy we asyl nusgadan göçürmesi (kopýasy) we tölegi gerek bolaýar.
Okuw merkezimize ýazylmak isleýän diňleýji saýlan uguruna görä okuw merkeziniň bellän nyrhana görä okuw başlanmazyndan öň doly görnüşde nagt we nagt däl görnüşde töleg geçirip bilinýär.