ÖGRENMEK -
her günki edýän işimizdir!
«Türkmen dili» okuwynyň«Türkmen dili-1»tapgyrynytamamlandiňleýjiler fonetika, sözleýiş sesleri, olaryň beýleki seslerden aýratynlyklaryny, çekimli we çekimsiz sesleriň sesleri, olaryň aýratynlyklaryny, toparlara bölünişini öwrenerler. Fonetik derňewi, leksikany, sözleriň döreýiş çeşmeleri taýdan toparlara bölünişini, sözleriň many aýratynlyklary taýdan toparlara bölünişini öwrenerler. Sözüň leksik we grammatik manylary, birmanyly we köp manyly sözler, sözleriň göçme manylarda ulanylyşy, onuň görnüşlerini öwrenerler. Leksik derňew we fonetik derňewi geçerler.
«Türkmen dili» okuwynyň«Türkmen dili-2»tapgyryny tamamlan diňleýjiler morfologiýa barada düşünje alarlar. Söz we onuň morfema düzümi, gurluşy taýdan görnüşlerini, söz toparlaryny öwrenerler. Atlar we olaryň morfologik aýratynlyklary, olarda köplügiň, degişliligiň aňladylyşy barada düşünje alarlar. Atlaryň düşüm bilen üýtgeýşini öwrenerler. Bulardan başga-da sypatlaryň morfologik, sintaktik aýratynlyklaryny derňew etmegi öwrenerler. Sanlaryň semantik, morfologik, sintaktik aýratynlyklary derňew etmegi öwrenerler. Çalyşmalary, olary atlaryň, sypatlaryň, sanlaryň deregine ulanylyşyny, grammatik aýratynlyklaryny öwrenerler. Işlikleri, gurluş aýratynlyklaryny, olary ýasaýjy goşulmalary, işlikleriň grammatik aýratynlyklaryny öwrenerler. Hallaryň morfologik, semantik, sintaktik aýratynlyklaryny derňew ederler.
«Türkmen dili» okuwynyň«Türkmen dili-3»tapgyrynytamamlan diňleýjiler, söz düzimi, olardaky baglanyşygy we görnüşlerini, sözlem we onuň agzalaryny, aýyrgyçlary we doldurgyçlary öwrenerler. Sözlemde sözlem agzalarynyň orny we inwersiýany, sözlem agzasy hasaplanmaýan sözleri, ýüz tutma, giriş sözleri, jogap sözleri we ümlükleri öwrenerler. Ýönekeý sözlem, goşma sözlem we olaryň aýratynlyklaryny öwrenerler. Başganyň sözini we onuň ýazuw düzgünini seljererler.
« Rus dili» okuwynyň «Rus dili-I – Элементарный уровень» tapgyryrus elipbiýiniň aýratynlyklary, çekimli we çekimsiz harplary, basym düşünjelerini öwrenmegi dowam edýär. Tagyryň esasy maksady, dil gepleşigini ösdürmek bilen baglylykda, söz toparlaryny we olaryň aýratynlyklaryny giňişleýin öwretmekdir. (atlar, işlikler, sypatlar, sanlar, çalyşmalar, hallar). Şonuň bilen bilelikde, basym we äheňiň ähmiýetini, geçilýän tekstleriň üsti bilen diňleýjileriň söz baýlygyny artdyrmaklyk göz öňünde tutulýar.
«Rus dili» okuwynyň «Rus dili-II – Базовый уровень» tapgyryesasan rus diliniň grammatikasy we onuň aýratynlyklary bilen giňişleýin tanyşdyrýar. Her bir söz toparynyň üstünde aýratyn durup geçilýär. Rus diliniň düşümlerini öwrenmäge uly üns berýär we her biri giňişleýin düşündirilýär. Tapgyryň wezipesi diňleýjileriň söz baýlygyny giňişleýin artdyrmak, diňleýjä öz pikrini habar, sorag we ýüzlenme görnüşinde beýan edip bilmekligini öwretmekdir.
«Rus dili» okuwynyň «Rus dili-III –Средний уровень» tapgyrysöz toparlaryny öwretmegi dowam edip, rus diliniň ýönekeý we goşma sözlemleriniň düzülişini öwredýär. Sözlemiň agzalary barada giňişleýin düşünje berilip, hersiniň üstünde aýratyn durup geçilýär. Frazeologiýa we dilde ulanylýan çeperçilik serişdeleri we rus nakyllary hakynda düşünje berilýär. Diňleýjileriň söz baýlygyny giňişleýin artdyrmak maksady bilen rus ýazyjy, şahyrlarynyň ömri we dörejiligi bilen tanyşdyrylýar.
«Rus dili» okuwynyň «Rus dili-IV – Выше среднего уровня» tapyryň wezipesi, rus diliniň grammatikasy, ýagny orta işlikler, goşma sözlemleriň gornüşleri: düzmeli goşma sözlemler, eýerjeňli goşma sözlemler, eýerjeňli goşma sözlemleriniň görünişleri we baglaýjysyz goşma sözlemler hakynda giňişleýin düşünje bermekdir. Şeýlelikde stilistika barada düşünje, stilleriň görnüşleri barada we resmi iş kagyzlarynyň görnüşleri barada giňişleýin düşünje berilýär. Diňleýjilerin söz baýlygyny giňişleýin artdyrmak maksady bilen rus ýazyjy, şahyrlarynyň ömri we dörejiligi bilen tanyşdyrylýar.
« Rus dili» okuwynyň «Rus dili – Azbuka-1» tapgyrynda diňleýjilere tanyşlyk barada düşünje bermek, rus dilinde öz adyny, nirede ýaşaýandyklaryny aýdyp bilmeklerini öwretmek; rus dilinde sanlary, hepde günleriniň aýdylyşyny öwretmek; Kim? Nähili? Nirede? ýaly soraglara ýönekeý jogap berip bilmeklerini gazanmak. Şu kursyň dowamynda geçilýän ähli temalary dürli oýunlar arkaly berkitmek; goşgulary labyzly okap bilmekligi öwretmek
« Rus dili» okuwynyň «Rus dili – Azbuka-2» tapgyrynyň maksat we meseleleri, diňleýjilere esasan rus elipbiýi hakda düşünje bermekdir. Bu tapgyrda rus elipbiýiniň aýratynlyklary, çekimli we çekimsiz harplary, basym barada düşünje berilýär. Tapgyr, şonuň bilen bilelikde, sada sözlem arkaly sorag-jogap alyşmak, dogry we labyzly okap bilmekligi öwretmegi hem öz içine alýar. Çagalaryň söz baýlygyny artdyrmak üçin goşgy, aýdym, tapmaça, nakyllar ulanylýar.
« Rus dili» okuwynyň «Rus dili – Azbuka-3» tapgyryrus elipbiýi bilen, ondaky çekimsiz sesleriniň aýratynlyklary (açyk we dymyk çekimsiz sesler) bilen tanyşdyrmak, olary sözlerde ulanmak; öz aralarynda ýeňil gepleşikleri guramagy, täze sözleri ýazmagy,köp-az düşünjelerini; atlar,sypatlar, sanlar, işlikler barada ýönekeý düşünje berler; rus dilinde gysga tekstleri dogry we doly okap bilmeklerini öwrenerler.
« Rus dili» okuwynyň «Rus dili – Azbuka-4» tapgyrynyň esasy maksady, dil gepleşigini ösdürmek bilen baglylykda, söz toparlaryny we olaryň aýratynlyklaryny giňişleýin öwretmekdir (atlar, işlikler, sypatlar, ýonekeý sözlemler barada düşünje bermek). Sada we ýönekeý sözlemleri düzmegi, kiçiräk dialoglary düzüp bilmekligi öwrenerler. Şonuň bilen bilelikde, basym we äheňiň ähmiýetini, geçilýän tekstleriň üsti bilen diňleýjileriň söz baýlygyny artdyrmaklyk göz öňünde tutulýar.
« Rus dili» okuwynyň «Rus dili – Azbuka-5» tapyryndamorfologik bölümine degişli bolan (atlar, sypatlar, at çalyşmalary, işlikler,sanlar) barada düşünje berilýär; Kim? Näme? Nirede? Nirä? Nireden? Nähili? ýaly soraglara jogap berip bilmeklerini gazanmak; suratlar boýunça gysga hekaýajyklary düzüp bilmeklerini öwrenmek; erkin sözleýşi gazanmak; gysga dialoglary, ýönekeý sözlemleri düzüp bilmegi öwretmek; sözleri düşümlerde üýtgedip bilmeklerini öwretmek.
«Iňlis dili» (uly ýaşlylar üçin) okuwynyň «Iňlis dili – Beginner»tapgyrynytamamlandiňleýjiler iňlis diliniň umumy temalary bolan tanyşmagy, salamlaşmagy, şahsy maglumatlary aýdyp bilmegi, sada sözlemler düzüp bilmegi we sada soraglar bilmegi, ýöňkemeleri, eýe we habaryň gurluşyny, wagt we sagada degişli sözlemleri öwrenip bilerler. Sada sözlemler bilen daşary ýurtly raýatlar bilen gürrüňdeş bolup bilerler. Sada sözlemleri ýazyp ýa-da okap bilerler. Günlük durmuşymyzda gerek bolan gepleşikleri aýdyp bilerler. Özüni ýa-da ýanyndaky birini tanadyp bilerler.
«Iňlis dili» (uly ýaşlylar üçin) okuwynyň «Iňlis dili – Elementary» tapgyryny tamamlan diňleýjiler sada abzaslary ýazyp bilerler. Beginner kursundaky geçilenleri gysga wagtyň içinde özleşdirerler. Bu kursda öwrenen zaman işlikleri bilen özlerini tanadyp bilerler. Dükanlardan harytlary satyn alyp bilerler, bahalaryny sorap bilerler, bahalar barada pikirlerini sada sözlemer bilen aýdyp bilerler. Öten zaman, geljek zaman, häzirki zaman işliklerinde gürrüň berip bilerler. Ukyplary hakynda gürläp bilerler (ability-CAN). Sanalýan we sanalmaýan jisimleri tapawut edip bilerler. Jisimleri ýa-da adamlary sypatlandyrmagyň derejelerini aýdyp bilerler.
«Iňlis dili» (uly ýaşlylar üçin) okuwynyň «Iňlis dili – Pre Intermediate» tapgyryny tamamlan diňleýjiler günlük işleri mynasybetli daşary ýurtly raýatlar bilen aňsatlyk bilen düşünişip bilerler. Täze öwrenen söz gurluşlary bilen has çylşyrymly bolmaýan abzaslary okap, öwrenip, özleşdirip bilerler. Dili aýdyň ulanylan ýazgylaryň, abzaslaryň öwretmek isleýän manylaryny aňsatlyk bilen düşünip bilerler. Meşgullanýan işi bilen baglanyşykly kyn abzaslara-da düşünip bilerler. Daşary ýurtlarda syýahatlarda bolup biljek kynçylyklary ýeňillik bilen, bökdençsiz ýeňip geçip bilerler. Başyndan geçen wakalary gürrüň berip bilerler.
«Iňlis dili» (uly ýaşlylar üçin) okuwynyň «Iňlis dili – Intermediate» tapgyryny tamamlan diňleýjileriňlis diliniň söz gurluşyny has içgin öwrenip özleşdirip bilerler. Daşary ýurtly ynsanlar bilen birnäçe tema hakynda uzyn möhletli gürleşip bilerler. Çylşyrymly sözlemleri okap düşünip bilerler, ýazyp bilerler. Bellenen temalarda düşünjelerini has giňişleýin aýdyp bilerler. Gündelik durmuşymyzyň birnäçe bölümlerinde aňsatlyk bilen düşünişip bilerler. Işi bilen baglanyşykly terminleri bilerler we bu terminleri ulanyp özleri barada gürrüň berip bilerler. Döwrebap syýasy temalar barada negatif ýa-da pozitif öz düşünjelerini beýan edip bilerler.
«Iňlis dili» (uly ýaşlylar üçin)okuwynyň «Iňlis dili – Upper Intermediate» tapgyryny tamamlan diňleýjiler iňlis dilini aýdyň we ýalňyşsyz ulanyp bilmek derejesine eýe bolarlar. Diňleýjiler birnäçe temada daşary ýurtly adamlar bilen uzyn möhletli gepleşikleri ýerine ýetirip bilerler. Her hili temada kitaplary okap aňsatlyk bilen düşündirip bilerler. Göçme manyly sözleriň manylaryny has ýeňil düşünerler. Giňişleýin we çylşyrymly abzaslary okap, özleşdirip, aňsatlyk bilen düşündirip bilerler. Iňlis dilini jemgyýetimizde her hili pudaklarda arkaýyn ulanyp bilerler.
«Iňlis dili» (uly ýaşlylar üçin) okuwynyň «Iňlis dili – Advanced» tapgyryny tamamlan diňleýjiler iňlis dilini aýdyň we ýalňyşsyz ulanyp bilmek derejesine eýe bolarlar. Diňleýjiler birnäçe temada daşary ýurtly ynsanlar bilen uzyn möhletli gepleşikleri ýerine ýetirip bilerler, her hili temada kitaplary okap aňsatlyk bilen düşünip ýada düşündirip bilerler, göçme manyly sözleriň manylaryny has ýeňil düşünerler, giňişleýin we çylşyrymly abzaslary okap özleşdirip aňsatlyk bilen düşündirip bilerler, iňlis dilini jemgyýetimizde her hili pudaklarda arkaýyn ulanyp bilerler.
«Iňlis dili»
(uly ýaşlylar üçin) okuwynyň «Iňlis dili
– Toefl Course» tapgyryny tamamlan
diňleýjiler birnäçe daşary ýurt okuw synaglarynyň sütüni TOEFL synagynyň
aýratynlyklaryny özleşdirerler.
«Iňlis dili»
(uly ýaşlylar üçin) okuwynyň «Iňlis dili
– IELTS Course» tapgyryny tamamlan
diňleýjiler Ýewropa
ýurtlarynda ykrar edilen iňlis dili derejeleri bilen tanyşarlar. Şeýle hem,
daşary ýurt okuw jaýlarynda kabul edilýän, halkara synagy bolan IELTS synagyna
taýýarlyk görerler. Iňlis dilinde gürleşmek, okamak, diňlemek we ýazmak ýaly
ukyplaryny has-da kämilleşdirerler. Diňleýjiler her dürli temalarda, has
giňişleýin gürleşip we ýazyp bilerler.
«Iňlis dili»
(uly ýaşlylar üçin)okuwynyň «Iňlis
dili – SAT Course» tapgyryny tamamlan diňleýjiler dünýäniň ösen ýurtlarynda ykrar edilen iňlis dili
derejeleri bilen tanyşarlar. Şeýle hem, daşary ýurt okuw jaýlarynda kabul
edilýän, halkara synagy bolan SAT synagyna taýýarlyk görerler. Iňlis dilinde
gürleşmek, okamak we ýazmak ýaly ukyplaryny has-da kämilleşdirerler.
Diňleýjiler her dürli temalarda, has giňişleýin gürleşip we ýazyp bilerler.
«Iňlis dili» (uly ýaşlylar üçin) okuwynyň «Iňlis dili boýunça - Starter 1» tapgyryny tamamlan diňleýjiler iňlis dilini esasan suratlar we aýdymlar arkaly özleşdirerler. Olar başlangyç temalar bolan tanyşmak, salamlaşmak, sanlary tanamak, harplary tanamak, harplary aýdyp bermek, sada sözlemleri ulanyp özi barada maglumat bermek, şeýle hem agzalaryny, oýunjaklaryny, iýmitleri we haýwanlary iňlis dilinde aýtmagy başararlar. Diňleýjiler sada sözlemleri ýazyp, okap hem sorag berip bilerler.
«Iňlis dili» (kiçi ýaşly okuwçylar üçin) okuwynyň «Iňlis dili boýunça - Starter 2» tapgyryny tamamlan diňleýjileriň iňlis dilini esasan suratlar, aýdymlar we tapmaçalar arkaly özleşdirerler. Olar sada sözlemleri ulanyp özünde hem dostlarynda bar zatlaryny we olaryň ýerleşýän ýerini aýdyp bilerler. Dürli kärleri öwrenip, olaryň başarýan işini hem başarmaýan işini aýdyp bilerler. Şeýle hem özleriniň we başgalaryň işleýän we işlemeýän zatlaryny aýdyp bilerler. Gürrüň bermekden başga hem diňleýjiler soraglary bermegi we olara jogap bermegi başararlar. Diňleýjiler iňlis dilinde okamak endiklerini artdyrarlar.
«Iňlis dili» (kiçi ýaşly okuwçylar üçin) okuwynyň «Iňlis dili boýunça - Starter 3» tapgyryny tamamlan diňleýjiler aýdymlar, oýunlar, tapmaçalar arkaly we suratlaryň üsti bilen okuw esbaplaryny, egin – eşikleri, dürli ýerleri, kärleri öwrenerler. Diňleýjiler häzirki ýönekeý, häzirki dowamly we öten zamany ulanyp sorag – jogaby ýazmaça we dilden alyşmagy başararlar. Iňlis dilinde gürleşmekden başga diňleýjiler çagalar üçin eserleri okap we okan zatlaryny düşünmegi başararlar. Diňleýjileriň diňläp düşünmek, gürlemek we ýazmak endikleri has hem artar.
«Iňlis dili» (kiçi ýaşly okuwçylar üçin)okuwynyň «Iňlis dili boýunça - Starter 4» tapgyryny tamamlan diňleýjiler geljekde etmekçi işlerini gürrüň bermegi, öten zamanda eden işlerini aýtmagy we etmegi halaýan, etmäge borçly bolan işleri barada gürrüň bermegi başararlar. Şeýle hem olar howa we pasyllar barada gürrüň etmegi başararlar. Olardan başga-da diňleýjiler dürli esbaplary deňeşdirmegi we adamlary sypatlandyrmagy başararlar. Diňleýjileriň okamak, gürlemek we ýazmak endikleri has hem öser.
«Iňlis dili» (kiçi ýaşly okuwçylar üçin) okuwynyň «Iňlis dili boýunça - Starter 5» tapgyryny tamamlan diňleýjiler söz baýlyklaryny has artdyryp, sözleriň dürli görnüşlerini, zamanlary ulanmagy başararlar. Diňleýjiler sypatlaryň deňeşdirme we artyklyk derejelerini erkin ulanmagy öwrenerler. Diňe atlary sypatlandyrman eýsem hallary ulanmagy hem başararlar. Bulardan başga diňleýjiler iňlis dilinde dürli ýurtlaryň atlaryny öwrenerler. Diňleýjileriň ýazmak we okamak endikleri has öser. Olar erkin okamagy we okanyny düşünmegi başararlar.
«Iňlis dili» (kiçi ýaşly okuwçylar üçin) okuwynyň «Iňlis dili boýunça - Starter 6» tapgyryny tamamlan diňleýjiler özleriniň we başgalaryň edýän işlerini dürli zamanlary ulanyp, erkin beýan edip bilerler. Şeýle hem olar dürli ýagdaýlarda sorag – jogap alyşmagy başararlar. (Mysal üçin köçede, dükanda, haýwanat – bagynda, we ş.m). Diňleýjiler dürli döwletleri we milletleri öwrenip, ol ýerleriň medeniýetini öwrenerler. Diňleýjileriň ýazmak, okamak we okanyny düşünmek endikleri has öser.
«Matematika» okuwynyň uly ýaşlylar üçin «Matematika» tapgyryny tamamlan diňleýjiler matematika ylmynyň başlangyç bilimine eýe bolup bilerler. Sanlary we olaryň üstünde geçirilýän amallary öwrenerler. Kwadrat deňlemeleri aňsatlyk bilen çözerler, san deňsizliklere has içgin düşünerler, deňlemeleri çözmäni başararlar. Gysga köpeltmek formulalaryny öwrenip olary matematikada ulanmany başararlar. Arifmetiki kwadrat kök barada içgin tanyşarlar.
«Matematika» okuwynyň uly ýaşlylar üçin «Algebra we elementar funksiýalar» tapgyryny tamamlan diňleýjiler matematika ylmynyň çuňňurlygyna aralaşyp başlarlar. Funksiýalaryň üstünde işläp bilerler. Deňsizligiň ähli görnüşleri we san, ýaş, tizlik we göterim bilen baglanşykly meseleler bilen tanyş bolarlar. Bu kursda diňleýjiler elementar funksiýalary giňişleýin öwrenip bilerler. Bulardan başgada geometriýanyň başlangyjy, parallel göni çyzyklar we üçburçlyklar hakynda maglumat edinip bilerler.
«Matematika» okuwynyň uly ýaşlylar üçin «Algebra we trigonometriýanyň başlangyçlary» tapgyryny tamamlan diňleýjiler kompleks sanlar barada giňişleýin maglumat öwrenerler. Trigonometriýanyň içine çuňňur aralaşarlar. Trigonometrik funksiýalaryň kesgitlenişini öwrenerler. Trigonometrik deňlemeleri we deňsizlikleri çözmäni başararlar. Üçburçlyklaryň häsiýetleri we görnüşleri bilen tanyş bolarlar. Üçburçlyklaryň meýdanyny hasaplamagyň formulalaryny bilerler. Bulardan başga-da san yzygiderligi, arifmetik we geometrik progressiýalar bilen tanyş bolarlar.
«Matematika» okuwynyň uly ýaşlylar üçin «Algebra we analiziň başlangyçlary» tapgyryny tamamlan diňleýjiler predeliň we önümi hasaplamagyň düzgünlerini, derejeli funksiýanyň önümini, çylşyrymly funksiýanyň önümini hasaplamagy öwrenerler. Bulardan başga-da önümiň ulanyşyny öwrenerler. Diňleýjiler asyl funksiýa we onuň häsiýetleri, asyl funksiýany tapmagyň düzgünleri, käbir funksiýalaryň asyl funksiýalarynyň formulalary barada içgin öwrenerler. Kombinatorikanyň, statistikanyň we ähtimallyklar nazarýetiň elementleri: Çalşyrmalaryň, utgaşdyrmalaryň we ýerleşdirmeleriň sanynyň formulalaryny bilerler. Ähtimallyk barada umumy düşünjä eýe bolarlar.
«Matematika» okuwynyň kiçi ýaşlylar üçin «Başlangyç matematika-1» tapgyryny tamamlan diňleýjiler sanlary we olaryň üstünde geçirilýän amallary öwrenerler. Köpeltmek tablisasyny, droblar baradaky düşünjäni, ululyk, agyrlyk, wagt ölçegi barada öwrenerler. Geometrik figuralar bilen tanyşarlar. Köpbelgili sanlaryň üstünde geçirilýan amallar bilen tanyşarlar. Bölmek amalyny we tizlik bäradaky düşünjäni öwrenerler.
«Matematika» okuwynyň kiçi ýaşlylar üçin «Başlangyç matematika-2» tapgyryny tamamlan diňlejiler sanlaryň razrýadlaýyn bölünşini, goşmagyň we aýyrmagyň häsiýetlerini, deňleme we onuň çözülişini öwrenerler. Geometrik figuralary, sanlaryň bölüniş häsiýetlerini, droblar bilen geçirilýän amallaryň üstünde işlärler. Proporsiýa baradaky düşünje bilen tanyşarlar.
«Matematika» okuwynyň kiçi ýaşlylar üçin «Başlangyç matematika-3» tapgyryny tamamlan diňleýjiler onluk droblar bilen geçirilýän amallary, orta arifmetiki bahany, göterim baradaky düşünjäni öwrenerler. Koordinata sistemasy, garşylykly sanlary, sanlary deňeşdirmegi, položitel we otrisatel sanlar bilen geçirilýan amallary öwrenerler.
«Fizika» okuwynyň «Fizika-1» tapgyryny üstünlikli tamamlan diňleýjiler durmuşda köp duş gelýän mehaniki hereketler barada ähli kanunlary, ýagny jisimiň pozisiýasy, onuň orun üýtgetmesi, tizligi, geçilen ýoluny we tizlenmesini hasaplamagy öwrenerler. Dinamika bölümde bolsa, hereketiň sebäplerini öwrenip, güýçler baradaky kanunlary we hasaplamalary öwrenerler. Mehanikada saklanma kanunlaryny okan diňleýjiler, iş we energiýanyň baglanyşygyny we olaryň bir-birine öwrülişigi esasynda amala aşýan prosesler barada hasaplamalar öwrenerler. Optika munuň özi aýratyn fizikanyň bölümi bolup, onda diňleýjiler ýagtylygyň kömegi bilen görüşiň düzgünlerini, aýnalarda emele gelýän şekilleri we linzalarda şekil döretmäni öwrenip bilerler.
«Fizika» okuwynyň «Fizika-2» tapgyryny üstünlikli tamamlan diňleýjiler maddalaryň gurluşy, olary emele getirýän mikrobölejikleriň häsiýetlerini, bölejikleriň özara täsirlerini, maddanyň ölçeglerini, massa, göwrüm, dykyzlyk, basyş ýaly ululyklary hasaplamany öwrenerler. Termodinamikanyň kanunlaryny öwrenen diňleýjiler ýylylyk bilen amala aşyrylýan iş we energiýa öwrülişiklerini öwrenip, bug maşynlarynyň, ýangyç bilen işleýän maşynlaryň we sowadyjylaryň işleýiş prinsiplerine akyl ýetirerler. Elektrik meýdanynda zarýadly bölejikleriň häsiýetlerini, olaryň biri-birine we daşky gurşawa edýän täsirlerini öwrenen diňleýjiler, hemişelik toguň kanunlaryny öwrenip, zarýadly bölejikleriň tertipleşen hereketleri bilen amala aşyrylanýan işleri, ýagny toguň häsiýetlerine akyl ýetirip bilerler.
«Fizika» okuwynyň «Fizika-3» tapgyryny tamamlan diňleýjiler magnit hadysalaryna akyl ýetirip, hemişelik toguň we üýtgeýän toguň döredýän magnit meýdanlaryny hasaplamany öwrenerler. Elektromagnit induksiýanyň kömegi bilen magnit meýdanynyň üýtgemeginden elektrik toguny alnyşyny öwrenen diňleýjiler, generatorlaryň işleýiş prinsiplerine akyl ýetirerler. Elektromagnit tolkunlaryny okan diňleýjiler, tolkunlaryň häsiýetlerini öwrenip, olaryň amplitudasyny, ýygylygyny, tolkun uzynlygyny hasaplamany öwrenerler we öýjükli aragatnaşyk, telewideniýanyň, radionyň işleýşine akyl ýetirerler. Kwant fizikasy, munuň özi çylşyrymly bölüm bolup, munda älem giňişliginiň ähli ýerinde wagtyň deň ýöremeýändigini tassyklan Eýnşteýniň postulatlaryny öwrenerler we ýagtylygyň kwant häsiýetine akyl ýetirip, Gün energiýasyndan elektrik toguny almaga degişli meseleleri hasaplamany öwrenerler. Atom we ýadro bölüminde atomuň içindäki ýadronyň gurluşyny öwrenip, ýadro reaksiýalaryny hasaplamany öwrenerler.
«Himiýa» okuwynyň «Himiýa–1» tapgyrynda himiýa barada umumy düşünje, mol konsepsiýasy barada, himiki reaksiýalar barada, organiki däl birleşmeler barada düşünjelere eýe bolarlar. Şeýle hem diňleýjiler durmuşda duş gelýän maddalar we himiýa ylmynyň öwrenýän ugurlary, tebigatdaky bolýan üýtgeşmelere dogry we anyk göz ýetirmegi öwrenerler. Himiýa umumy düşünjeler bölüminde bolsa himiýa ylmynyň beýleki ylymlar bilen baglanşygyny, maddanyň we atomyň gurluşyny, birleşmeleriň klassifikasiýasyny, olary atlandyrmagy öwrenerler. Mol konsepsiýasy bölüminde bolsa mol birligini beýleki mukdar birliklerinden hasaplamagy öwrenerler. Himiki reaksiýa munuň özi himiki üýtgeşme diýmekdir. Bu bölümde diňleýjiler himiki reaksiýalary ýazmagy deňlemegi we netije çykarmagy öwrenerler. Organiki däl birleşmeler bölüminde esasy birleşme toparlarynyň umumy häsiýetlerini öwrenmek bilen ol toparlaryň özara baglanşyklary, olary sintezlemek usullaryndan habarly bolarlar.
«Himiýa» okuwynyň «Himiýa–2» tapgyrynda himiki hasaplamalar, gazlar, erginler, atom taglymatlary, radioaktiwlik temalary barada düşünjä eýe bolarlar. Bu tapgyry tamamlan diňleýjiler reaksiýanyň netijesinde näçeräk önüm emele geljekdigi, reaksiýanyň çykymy, gazlaryň basyşyny, erginleriň konsentrasiýalaryny hasaplamagy, kwant himiýany, radioktiwligiň durmuşymyz ýetirip biljek täsirleri baradaky maglumatlara eýe bolarlar. Himiki hasaplamalar önümçilikde näçeräk önümi näçerek çig maldan öndürip boljakdygy, reaksiýanyň çykymy ýaly meselelerde himiýa senagaty üçin örän möhümdir. Gazlar maddanyň iň sada we durnuksyzlygy sebäpli bu tema himiýada we fizikada beýleki agregat ýagdaýlardan aýratyn öwrenilýär. Erginler bolsa töwerek – daşymyzda häli şindi duş gelýän gomogen garyndylardyr. Bu bölümde diňleýjilerimiz töwerekde bolup geçýän köp himiki we fiziki hadysalara dogry akyl ýetirerler. Atom taglymatlary bölüminde bolsa diňleýjiler ylymda häzirki zaman atom taglymatyna çenli bolan ýol bilen tanyş bolarlar. Atoma düşünmek üçin zähmet çeken alymlaryň pikirleri, olaryň ylmy gözleg usullaryny öwrenip, ylmy açyşlar barada doly maglumata eýe bolarlar. Mundan başgada himiýanyň düýp manysy bolup durýan kwant sanlary we olaryň periodiki sistema bilen baglanşygyny öwrenerler. Radioaktiwlik bölüminde öň bilýän himiki reaksiýalarymyzdan düýpgöter başgaça reaksiýalaryň ýagny ýadro reaksiýalarynyň bardgyna göz ýetirerler. Ýadro energiýasynyň durmuşda peýdaly ýerlerde ulanylyşyny öwerenerler.
«Himiýa» okuwynyň «Himiýa–3» tapgyrynda termohimiýa, kinetiki himiýa, himiki deňagramlylyk, elektrohimiýa ýaly temalar hakynda düşünjä eýe bolarlar. Bu tagyry tamamlan diňleýjiler himiki reaksiýalaryň amalda hemişe hem teoriýadaky ýaly geçmeýändigine göz ýetirerler. Mundan başgada reaksiýa geçende diňe önümler däl eýsem, ýylylyk ýada elektrik energiýalarynyň çykyp biljekdigi ýa-da kähalatda reaksiýanyň geçmegi üçin olaryň zerurdygyna akyl ýetirerler. Termohimiýa bölümi himiki reaksiýalarda ýylylyk energiýasynyň bölünip çykjakdygy ýada gerekdigini, mukdarynyň näçedigi barada diňleýjilere maglumat berer. Kinetiki himiýa okan diňleýjiler, önümçilikde reaksiýaň netijesinde önümiň näçe mukdarynyň näçe wagtyň dowamynda öndürilip biljekdigini hasaplamagy öwrenerler. Gaýdymly reaksiýalarda Reagentler we önümler öz aralarynda Himiki deňagramlyk emele getirýäler. Bu bölümde deňagramlylyga täsir edän faktorlar, önümiň çykymyny artdyrmak usullary diňleýjiniň dykgatyna ýetiriler. Elektrohimiýa bölüminde bolsa madda we elektrik togunyň özara täsiri we bulary ulanmak arkaly durmuşda batareýalary we akkumilýatorlary öndürmek we olaryň işleýiş prinsipi diňleýjilere öwrediler.
«Himiýa» okuwynyň «Himiýa–4» tapgyrynda diňleýjiler organiki himiýa, uglewodorodlar, funksional toparlar, geterohalkaly birleşmeler ýaly temalary özleşdirerler. Bu tapgyry üstinlikli tamamlan diňleýjiler ýangyç senagatyna, janly organizmleriň himiýasyna, sintetik polimerleriň öndürilişi barada giň dünýägaraýşa eýe bolarlar. Organiki himiýa giriş bölüminde diňleýjiler organiki birleşmeleriň organiki däl birleşmelerden esasy tapawudyny, organiki maddalarda elementleriň kanunalaýyklyklaryny, gurluş izomeriýasyny öwrenerler. Uglewodorodlar diýlende esasan ýangyç hökmünde ulanylýan maddalar göz öňümize gelýär. Bu bölümde diňleýjiler olaryň fiziki we himiki häsiýetleri, sintezi baradaky maglumatlara eýe bolarlar. Funksional toparlar bölüminde bolsa diňleýjiler kislorodly we azotly funksional toparly organiki birleşmeleriň görnüşlerini, olaryň klassifikasiýasyny, fiziki we himiki häsiýetlerini, sintezini öwrenerler. Biohimiki maddalar çylşyrymly organiki maddalardyr. Olar köplenç janly organizmler tarapyndan sintezlenýär. Olary emeli ýagdaýda sintezlemek himiýanyň geljekde öňde goýulan wezipeleriniň biridir. Munyň hötdesinden gelmek üçin bu maddalaryň gurluşyna himiki häsiýetlerine doly we dogry düşünmek üçin zerurdyr. Bu bölümde diňleýjiler janly organizmdäki esasy toparlary baradaky maglumatlara eýe bolarlar.
«Biologiýa» okuwynyň «Biologiýa-1» tapgyryny tamamlan diňleýjiler ýaşaýşyň we janly organizmleriň himiki gurluşyny, öýjügiň gurluşyny we ýerine ýetirýän wezipelerini, öýjügiň madda we energiýa çalşygyny, iýmitlenişini, öýjükleriň arasyndaky baglanşyklary, bedenleriň jynsly we jynssyz köpelişlerini we indiwidual ösüşlerini öwrenerler. Öýjügiň janly organizmleriň möhüm gurluş birligidigine göz ýetirerler. Şeýle hem ösümlikleriň, haýwanlaryň umumy gurluşyny, iýmitlenişini, köpelişini, sistematikasyny, janly tebigatdaky ähmiýetini, ýer ýüzünde döreýişlerini we ýaýraýyşlaryny, Türkmenistanyň goraghanalaryny, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyny öwrenerler.
«Biologiýa» okuwynyň «Biologiýa-2» tapgyryny tamamlan diňleýjiler adamyň anatomiki gurluşyny, gan aýlanyş ulgamyny, bölüp çykaryş ulgamyny, deri we onuň gurluşyny, duýuş synalaryny, iýmitleniş ýollaryny, daşky gurşawyň täsirlerine jogap reaksiýalaryny öwrenerler. Şeýle hem adam organizminiň işjeňligini kadalaşdyryp durýan gormonlaryň täsirlerini öwrenerler.
«Biologiýa» okuwynyň «Biologiýa-3» tapgyryny tamamlan diňleýjiler adamyň anatomiki gurluşyny, gan aýlanyş ulgamyny, bölüp çykaryş ulgamyny, deri we onuň gurluşyny, duýuş synalaryny, iýmitleniş ýollaryny, daşky gurşawyň täsirlerine jogap reaksiýalaryny öwrenerler. Şeýle hem adam organizminiň işjeňligini kadalaşdyryp durýan gormonlaryň täsirlerini öwrenerler.
«Kompýuter sowatlylygy» okuwynyň «Kompýuter I – Windows, Microsoft Word, Microsoft Excel, Microsoft Powerpoint» tapgyryny üstünlikli tamamlan diňleýjiler kompýuter tilsimatynyň başlangyç maglumatlaryny biler, Windows programmasyny we gerekli bolan programmalary goýmagy, kompýuteri formatlamagy öwrenip biler, resminamalaryň üstünde Microsoft Word programmasynyň kömegi bilen işläp biler, kepilnamalary, gutlag hatlaryny, tablisalar bilen baglanyşykly hemme işleri taýýarlap bilerler, Microsoft Excel programmasynyň kömegi bilen hasabat işlerini ýerine ýetirip biler. Microsoft Powerpoint programmasynyň kömegi bilen slide taýarlamagy oýunlar taýarlap bilerler
«Kompýuter sowatlylygy» okuwynyň «Kompýuter II – Adobe Photoshop, Adobe InDesign, CorelDRAW,» tapgyryny tamamlan diňleýjiler Adobe Photoshop programmasynyň kömegi bilen suratlaryň üstünde işläp bilerler, Adobe InDesignprogrammasynyň kömegi bilen žurnaldyr kitaplaryň elektron görnuşlerini taýýarlap bilerler, Coreldraw programmasynyň kömegi bilen mahabatlandyrma işlerini taýýarlap bilerler.
«Kompýuter sowatlylygy» okuwynyň «Kompýuter III – AutoCAD, 3DS Max» tapgyryny tamamlan diňleýjiler 2 ölçegli (2D) çyzgylary çyzyp bu çyzgylaryň 3 ölçegli (3D) modellerini taýýarlap bilerler.
«Kompýuter sowatlylygy» okuwynyň «Kompýuter IV – Pascal-1” tapgyryny tamamlan diňleýjilerprogrammirlemäniň başlangyjyny öwrenip bilerler.
«Kompýuter sowatlylygy» okuwynyň «Kompýuter V – Pascal-2” tapgyryny tamamlan diňleýjiler programmirlemä degişli alan başlangyç bilimini has hem kämilleşdirip bilerler.
«Kompýuter sowatlylygy» okuwynyň «Kompýuter VI – C++” tapgyryny tamamlan diňleýjilerher hili programma ýazmagy öwrenip bilerler. «Kompýuter sowatlylygy» okuwynyň «Kompýuter VII – HTML, CSS, SQL, PHP» tapgyryny tamamlan diňleýjiler web sahypalary ýokary derejede taýýarlamagy we olary maglumatlar bazasy bilen sazlaşykly işletmegi öwrenip bilerler.
Kompýuter sowatlylygy» okuwynyň «Kompýuter VII – HTML, CSS, SQL, PHP» tapgyryny tamamlan diňleýjiler web sahypalary ýokary derejede taýýarlamagy we olary maglumatlar bazasy bilen sazlaşykly işletmegi öwrenip bilerler.