"Mynasyp ýol" hususy kärhanasy öz işine ökde, işlemage höwesli islendik ýaşdaky iňlis dili, rus dili, matematika we himiýa, biologiýa hem-de türkmen dili ugurlary boýunça mugallymlary işe kabul edýär. Siz özüňiziň boş wagtlaryňyzda hususy kärhanamyzda utgaşykly şekilde hem işlemegiňiz üçin mümkinçilikler döredilendir.
"Mynasyp ýol" hususy kärhanasyna işe girmek üçin siz biziň internet sahypamyzda ýerleşdirilen sowalnamany (anketany) dolduryp bize ugradyň! Biz siziň bilen iň gysga wagtda habarlaşarys. Siziň hünär ugruňyz boýunça hususy kärhanamyz tarapyndan geçiriljek hünär synagyňyzyň netijesi, sapak geçiş şekliňiz we gürrüňdeşlik wagtyndaky siziň beren jogaplaryňyz esasynda işe kabul edilýär.
Daşouz welaýaty Görogly şäheri T. Ataýew köçesiniň 4-nji jaýy
+993 340 33 1 22